Ýokary hil — önümçilikde esasy talap

22 Noýabr 2024
206

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy önümçilik görkezijilerine besleýän kärhanalaryň biri-de Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ahal» ösümlik ýag kärhanasydyr. Ildeşlerimizi ýokary hilli ösümlik ýagy bilen üpjün etmekde agzalan kärhananyň saldamly goşandy bar.

On dört ýyldan gowrak wagt mundan ozal Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilen kärhana bu gün öndürýän ösümlik ýagy bilen içerki bazarda uly meşhurlyga eýe. Bir gije-gündizde 300 tonna, bir ýylda bolsa 94 müň 500 tonna pagta çigidini gaýtadan işlemäge ukyply kärhanada dezodirirlenen ösümlik ýagyny almakda häzirki zaman kämil tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.