HABARLAR

Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine çagyrylmagy hem-de ŞHG-niň ozalky sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň uludygyna, milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan daşary syýasatynyň giňden ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy

(2021-nji ýylyň 17-nji sentýabry, Duşenbe şäheri) Hormatly jenap Başlyk!

Däp bolan ýörelgä ygrarlylyk

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Duşenbä gelmek baradaky çakylyk üçin täjik kärdeşine sagbolsun aýtdy.

Hoşniýetli gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz özüniň eýranly kärdeşini EYR-nyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem möhüm pudaklaryň we tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz baýramçylygyň öň ýanynda täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

16-njy sentýabrda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýene-de bir desganyň açylyş dabarasy boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy. Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolan bu toplum Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşdy.

Türkmenistan dünýä we yklym gatnaşyklary babatda ŞHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine gatnaşdy Aşgabat — Duşenbe, 17-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki cykyşy

(2021-nji ýylyň 17-nji sentýabry, Duşenbe şäheri) Hormatly jenap Başlyk!Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Duşenbe, 17-nji sentýabr (TDH). Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmaga hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Duşenbe, 17-nji sentýabr (TDH). Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny we geljegini hem-de halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.