Baş baýramyň şanyna

17 Sentýabr 2021
778

16-njy sentýabrda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolan bu toplum Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşdy. Açylyş dabarasy mynasybetli bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

«Watan».
Beýleki habarlar