Konstitusion hukuklar we azatlyklar ygtybarly goralýar

17 Sentýabr 2021
692

15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adalat ministri B.Muhamedow bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda giň gerimli özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň häzirki döwürde amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şunda hereket edýän kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegine hem-de bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň iş netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, gyzyklanma bildirýän taraplar, abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegine aýratyn üns berilýär.

Beýleki habarlar