Hormatly Prezidentimiz baýramçylygyň öň ýanynda täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

19 Sentýabr 2021
722

16-njy sentýabrda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýene-de bir desganyň açylyş dabarasy boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy.

Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolan bu toplum Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşdy.

TDH
Beýleki habarlar