Kämil kanun — ygtybarly binýat

17 Sentýabr 2021
708

15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adalat ministri B.Muhamedow bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde öň berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek bilen baglylykda, milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Adalat ministri B.Muhamedow raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny ygtybarly goramak, kanunylygy üpjün etmek üçin kanunçykaryjylyk we hukuk iş tejribesi babatda bir bitewi döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler barada hasabat berdi. Adalat ministri hukuk ulgamynda düşündiriş işlerini netijeli utgaşdyrmak hem-de jemgyýetde kanunçylygy pugtalandyrmak maksady bilen alnyp barylýan çäreler, raýatlaryň arasynda kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça geçirilýän çäreler hakynda hem habar berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hereket edýän kanunçylygy yzygiderli seljermegiň esasynda täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.

«Watan».
Beýleki habarlar