Baýramçylyk binalarynyň öwüşgini

17 Sentýabr 2021
652

Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýär. Munuň özi ýurdumyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly senäniň barha golaýlaşyp gelýändigi bilen şertlendirilendir.

Däp bolşy ýaly, beýik baýramçylyk mynasybetli dürli çäreler, täze gurlan desgalary ulanmaga bermek dabaralary yzygiderli geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda döredilen döwrebap seýilgähiň hem-de paýtagtymyzyň şu böleginde gurlan dört sany ýerasty geçelgäniň dabaraly açylyşy boldy.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar