HABARLAR

Derwaýys çözgütler

2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylan mejlisiň gün tertibine ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna gazhimiýa taslamalaryny amala aşyrmak, oba hojalyk ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de düzüm desgalarynyň gurluşyk meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň gämileriniň onlarçasynyň abatlanylandygy, zawodyň işgärleriniň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygy barada hasabat berildi.

Kanunçylyk esaslarynyň özgertmeleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine we türkmen jemgyýetiniň demokratik hem-de hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde döwletimiziň kanunçykaryjylyk ulgamy düýpli özgerişlere eýe bolýar. Umumymilli hukuk ulgamynda täze innowasion usullar ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň kanunlary dünýä tejribesi, häzirki zamanyň talaplary we ylmy esasda milli aýratynlyklar nazara alnyp, yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin asuda jemgyýeti döretmek hem-de jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar.

Döwrüň belent ruhy

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinden soňky oýlanmalar Gahryman Arkadagly ýurdumyzda biz diňe bir howpsuz durmuşda däl, eýsem, howpsuz jemgyýetde ýaşaýarys. Diýeli, gijede-girimde haýsydyr bir ýere çykmaly bolan halatymyzda-da hiç birimiz alada galýan däldiris. Ähli ýerde asudalyk, asuda köçeler, asuda garaýyşlar garşy alýandyr. Howa, demir ýol we beýleki menzillerinde-de gije-gündiziň dowamynda asudalyk we asuda hyzmat höküm sürýändir. Şunuň özem biziň howpsuz jemgyýetde ýaşaýandygymyza şaýatlyk edýär. Şol jemgyýetde-de adamlaryň hukuk-borçlaryna düşünip, birek-birege, ýagny dünýäniň iň uly baýlygy bolan ADAMA gymmatlyk hökmünde garap, ikitaraplaýyn hormat, sylanyşyk, sarpa esasynda ýaşamagy jemgyýetiň öňküdenem berkleşmegine getirýär.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany

Mähriban Watanymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hem uly ösüşlere eýe bolup, döwletimiziň taryhyna ýatdan çykmajak wakalar ýazylýar. Ýurdumyzyň şanly seneleriniň dabaralanýan ýylynda ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, kämil kanunçylyk işleriniň alnyp barlyşy babatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk kömegi müdirliginiň müdiri Tylla Allamowa, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy Baýram Gurtmyradow bilen söhbetdeş bolduk. — Söhbetdeşligimiziň başynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda abadan we bagtyýar durmuşyň bähbidine ýetilen belent sepgitler dogrusynda gürrüň beräýseňiz.

Belent sepgitleri nazarlap

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, hususan-da, ykdysady gatnaşyklary ugrukdyrýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyk getirmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu işler geçirilende, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň düzgünleriniň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny belläp, onda umumy kabul edilen halkara kadalara eýerilmelidigini aýtdy.

Pudaklar boýunça alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk gelmelidir

2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hökümet mejlisiniň gün tertibine girizilen meselelere geçip, milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny seljermek we kämilleşdirmek hem-de olary döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine 140 müň tonna ammiak selitra dökünini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň «Uzkimyoimpeks» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. * * *

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hökümet mejlisiniň gün tertibine girizilen meselelere geçip, milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny seljermek we kämilleşdirmek hem-de olary döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Derwaýys meselelere garaldy

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Şu mejlisde Garaşsyz döwletimizde jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede berjaý etmegiň, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň, adamyň ömrüni, saglygyny goramagyň derwaýys meselelerine garaldy. Bu giňişleýin mejlisde milli Liderimiz ýokarda ýatlanan meseleler boýunça anyk wezipeleri öňde goýdy. Döwlet Baştutanymyzyň gürrüňi edilýän mejlisde öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdylar. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy Aknabat Atabaýewa, TDP-niň welaýat bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist Maýsa Kurba

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap

Ýurdumyzyň sanlyja ýyllaryň içinde tanalmaz derejede özgermegi, depginli ösüşlere eýe bolmagy döwlet Baştutanymyzyň eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna, tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan durmuş ugurly syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 28-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi.