Belent maksatly menziller

2 Iýul 2021
766

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly üstünliklere, ösüşlere beslenýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy-da şanly Garaşsyzlygymyzyň, aýratyn-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşleri bilen aýakdaş gadam basýar.

Geçmişe nazar aýlanymyzda, taryhy ýazgylara esaslanyp, biz türkmen ylmynyň, biliminiň ösen derejede bolandygyny bilýäris. Ylmyň dürli ugurlaryna degişli ýazylan kitaplar bu mukaddes toprakda ylym-bilime aýratyn ähmiýet berlendigine şaýatlyk edýär.

Orazbibi BERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy