Abadan jemgyýetiň kämil binýady

2 Iýul 2021
935

Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, Watanymyzyň berkararlygyny hem-de jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji iýulda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi hem bu hakykaty bütin aýdyňlygy bilen tassyklady. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ilkinji alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdiler. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek, olaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýetiň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmek, tertip-düzgüni pugtalandyrmak hem-de beýleki ugurlar boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

«Watan».