Derwaýys meselelere garaldy

5 Iýul 2021
728

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Şu mejlisde Garaşsyz döwletimizde jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede berjaý etmegiň, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň, adamyň ömrüni, saglygyny goramagyň derwaýys meselelerine garaldy. Bu giňişleýin mejlisde milli Liderimiz ýokarda ýatlanan meseleler boýunça anyk wezipeleri öňde goýdy.

Döwlet Baştutanymyzyň gürrüňi edilýän mejlisde öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdylar. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy Aknabat Atabaýewa, TDP-niň welaýat bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist Maýsa Kurbanowa, welaýat polisiýa müdirliginiň jemgyýetçilik howpsuzlygy bölüminiň müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Merdan Rahymow, welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar boýunça bölüminiň müdiri Jora Durdalyýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow we beýlekiler çykyş etdiler. Şeýle hem bu maslahatda ýaşuly nesliň wekillerem çykyş edip, garalan meseleler boýunça özleriniň oý-pikirlerini, tekliplerini aýtdylar.