Ýer serişdeleri netijeli peýdalanylýar

4 Iýul 2021
850

2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, gözegçilik edýän düzümlerinde ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

«Bereketli toprak».