Ýetilen sepgitler geljekki ösüşleriň binýadydyr

2 Iýul 2021
681

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ylmy taýdan esaslandyrylan, ýurdumyzyň ykdysadyýetini maksatnamalaýyn ösdürmek strategiýasyna laýyklykda, durmuşa geçirilýän asyrlara barabar işleriň netijesinde Türkmenistan Watanymyz ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy. Ýurdumyzyň halkara abraýy has artdy, türkmen halkynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy günsaýyn gowulanýar. Milli Liderimiziň Türkmenistan Watanymyzy ösdürmek boýunça alyp barýan syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdy ösdürmek boýunça maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy ykdysady ösüşlere getirdi. Halk hojalygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ýurdumyzyň baý tebigy gorlaryny gaýtadan işlemek ýola goýuldy, ylmyň iň häzirki zaman gazananlaryna esaslanýan, Türkmenistan üçin täze önümçilikler işe girizildi.

Nurnepes KULIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty