HABARLAR

Halkara ylmy-amaly maslahat

Şu gün, ýagny 26-njy aprelde gadymy Lebap topragynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Gadymy Amul: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Halkara maslahatyň umumy mejlisinde edilen çykyşlar Zerewşan—Garagum geçelgesiniň ugrundaky ýadygärlikleriň dünýä mirasyndaky ähmiýetli ornuna bagyşlandy.

Gadymy Amul: şanly geçmişiň şöhratly menzili

Şu gün Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär. Düýn ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri hem-de daşary ýurtly alymlar bu halkara foruma gatnaşmak üçin Jeýhun ýakasyndaky şähere geldiler. Halkara maslahat geçen ýylyň sentýabr aýynda üç döwletiň — Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly bilelikdäki hödürnamasynyň çäklerinde bu döwletlere degişli taryhy ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulmagyna bagyşlanyp guralýar. Mälim bolşy ýaly, hödürnama ýadygärlikleriň 31-sini öz içine alyp, şolaryň 7-si Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Şol ýadygärlikleriň biri-de iki müň ýyllyk taryha eýe gadymy Amul galasydyr.

Gadamy batly bedewler

Türkmen halky dünýäde özüniň ýelden ýyndam bedewleri, perdesine bilbil gonduran gazma dutary, gözelligiň, kämilligiň baýdagyna deňelen nepis halysy bilen tanalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe barýan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda asyrlaryň dowamynda halk seçgisi esasynda türkmen topragynda kemala gelen, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galýar.

Türkmen atlarynyň toýy toýlanýar

Ata-babalarymyz behişdi bedewlerimiziň arassa ganlylygyny saklap, şu günki güne çenli getiripdirler. Halk döredijiligimizde-de bedewiň keşbi, onuň wepadarlygy, edermenligi giňden beýan edilýär. Bedew atyň waspy türkmen halk sazlarynda-da kemsiz ýetirilýär. «At çapan», «At çapar» sazlaryny diňläniňde, bedewiň ajaýyp keşbi, Göroglynyň at oýnadyşy, bedewiň toýnak kakyşy, tans edişi göz öňüňe gelýär. Görogly Gyraty bilen diňe bir saza, söze däl, eýsem, türkmen aňyna-da siňendir. Jygalybegiň at seýisleýşi, oňa ideg edişi bolsa türkmen atçylygynyň uly mekdebidir. Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Atçylyk sportuny ösdürmek, halkara derejede ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi.

Halkymyzyň buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe reňkleriniň ählisine  altynsow we kümüşsöw öwüşginler mahsus bolan ynsan gylykly asman atlarymyzyň şan-şöhraty has artýar. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda gol çeken Permany taryhda asman atlary diýip atlandyrylan behişdi bedewlerimiziň şöhratyny artdyrmakda nusgalyk işleri bitiren  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde ündän nesihatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlasyndan bina bolan Arkadag şäherinde döredilen bu Halkara atçylyk akademiýasynyň 2016-njy ýylyň 22-nji aprelinde Köpetdagyň eteginde gurlan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bilen birlikde açylyp ulanylmaga berlen  Aba Annaýew obasyna golaý ýerleşmeginde, ähli ulgamlarda bolşy ýaly,  atçylyk pudagynyň hem maksatnamalaýyn ösüşiniň keşbi bar. 

Waspy şygyrlarda, tarypy dilde

Bedewler merdana halkymyzyň milli buýsanjydyr, ýakyn syrdaşydyr, göwün ganatydyr. Behişdi bedewler ulus-ilimiziň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Gamyşgulak bedewlerimiziň waspy nusgawy şahyrlarymyzyň dürdäne goşgularynda, halk döredijiliginde giňden şöhlelenýär. Diýarymyzda atçylygyň milli medeniýetini döwrüň derejesinde dabaralandyrmaga gönükdirilen çäreler hukuk taýdan yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu ugurda 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny bellemek ýerlikli bolar. Kanun 8 bapdan, 51 maddadan ybaratdyr.

Gündogaryň beýik akyldary

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, türkmen halkynyň adyny Arşa göteren meşhur şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek baradaky işler rowaç alýar. X — XI asyrlarda ýaşap geçen uly alym hem pir, halk arasynda Sarahs baba ady bilen meşhur Abul-Fazl Muhammet ibn Hasan Sarahsy hem şeýle şahsyýetleriň biridir. Golaýda gadymy Sarahs topragynda bu beýik piriň 1000 ýyllygy mynasybetli «Abul-Fazl Sarahsy — 1000 ýyllygyň binasy» atly ylmy maslahat geçirildi. Sarahs babanyň ömri, döredijiligi hakynda häzire çenli ynamdar maglumatlar ýetmezçilik edýär. Şeýle-de bolsa, Ferideddin Attaryň «Tezkiretu-l-öwlüýä» («Weliler hakda kitap»), Muhammet Münewweriň «Mäne babanyň keramatlaryndan we halatlaryndan hekaýatlar» atly kitabyndaky maglumatlar Sarahs babanyň şahsyýetiniň käbir taraplaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ferideddin Attar öz kitabynda Sarahs babany şeýle wasp edýär: «Abul-Fazl Hasan amanady saklaýan, dindarlyga amal ediji, ýalňyşmaýan, eziz, nogsansyz, mynasyp; ol watan söýgüsi bilen ýaşapdy we zamananyň ýeke-tägidi, jahanyň mähribanydy, takwalykda, muhabbetde, rehimdarlykda belent derejeli bolupdy, onuň keramatda, parasatlylykda çägi bolmandy. Magryfetde we hakykat ýolunda meşhurdyr». Muhammet Münewweriň ýatlanan kitabynda berilýä

Içirgi

«Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Atdyr ýigidiň myrady», «At — myrat» ýaly pähimleri döreden türkmen halkymyz irki döwürlerden bäri bedew atlary eldekileşdirip, seýisläp gelipdirler. Muňa gadymy Marguşdan tapylan taýçanagyň mazary hem şaýatlyk edýär. Şol ýerde taýçanagyň ýanynda kiçijik tüýdük hem tapylýar. Bedew atlaryň gözelligine gözellik goşýan senetçilik işleriniň biri-de içirgidir. Içirgiler haly, palas, keçe görnüşinde atlaryň ölçegine görä ýerine ýetirilipdir. Palas görnüşiniň içine gaty bolansoň, çümmez ýaly keçe tutulýar. Palasdan, keçeden edilen içirgiler atlary ýagyşdan, gardan, sowukdan goramak üçin, esasan, gyş aýlary ýapylýar. Keçe içirgiler, esasan, çal, gara reňkli ýüňden edilipdir. Bu görnüş «jul», «at keçe», «at arka» diýlip hem atlandyrylýar. Haly içirgiler toý-baýramçylyklarda bedewlerimizi bezäpdir. Içirgiler, bir tarapdan, bedewe owadanlyk berse, ikinji tarapdan, çapyp gelen ata şemal kakmazlygy üçin ýapylypdyr. Içirgi bedew atyň boýnundan, aýaklaryndan galan ýerini ýapýar.

Binalarda nal şekili

Bu binalara ser salsaň, ilkinji nobatda, nal şekiline nazaryň eglenýär. Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýän döwründe iş saparynda bolan pursadynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň daşky bezeg aýratynlyklaryna, onuň ýazgylaryna ünsi çekip, bu ýokary okuw mekdebiň adynyň nalyň şekiliniň içinde ýerleşdirilmeginde özboluşly manynyň bardygyny belledi. Türkmen halky naly şowlulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplaýar. Binagärlik bezeginde milli gymmatlyklaryň ornaşdyrylmagy halkymyzyň döreden ýagşy dessurlarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň, durmuşymyza içgin ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Ahalteke atlarynyň reňk aýratynlyklary

Tohum atçylykda, aýratyn-da, ahalteke tohum atlaryny köpeltmekde, olaryň reňkine, nyşanlaryna, atlara at dakmaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. Atlar biri-birinden reňki, nyşanlary we beýleki hususy alamatlary bilen hem-de olara dakylan atlary bilen tapawutlandyrylýar. Atyň reňki onuň göwresini örtýän örtük tüýleriniň we gorag (ýaly, saçy (käkili) we guýrugy) tüýleriniň reňkleri boýunça kesgitlenilýär.