Dürli ýyllarda Amul galasynda alym-arheologlar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilende, üsti açylan gymmatly tapyndylaryň arasynda zähmet gurallary, şaý-sepler, hojalykda ulanylýan gap-gaçlar, gurluşyk serişdeleri we beýlekiler bar. Ylmy taýdan gymmatly bolan bu tapyndylar muzeýimizde saklanylýar, öwrenilýär.
Möhür. Ol toýun palçykdan galyba basylyp ýasalypdyr. Onuň ýasy tarapynyň diametri 5 santimetr bolup, ýüzünde burum şahly keýigiň kellesini yza öwrüp duran şekili ýerleşdirilipdir. Tutawajynyň boýy hem 5 santimetre deňdir. Keýik öň çep aýagyny ýarym epip, ýöräp barýan şekilde görkezilýär. Möhüriň daşynda 20 sany tegelek nokatjyklar ýerleşdirilen. Şunuň ýaly ölçegdäki terrakota möhüri W.N.Pilipko tarapyndan Kerki etrabyndaky Mürzebeggaladan hem tapylýar. Amuldakydan tapawutlylykda Mürzebeggaladaky möhüriň ýüzünde atyň, guşuň, öküziň kellesiniň we bugdaý hoşasynyň şekilleri bar.