Şu gün Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär. Düýn ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri hem-de daşary ýurtly alymlar bu halkara foruma gatnaşmak üçin Jeýhun ýakasyndaky şähere geldiler.
Halkara maslahat geçen ýylyň sentýabr aýynda üç döwletiň — Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly bilelikdäki hödürnamasynyň çäklerinde bu döwletlere degişli taryhy ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulmagyna bagyşlanyp guralýar. Mälim bolşy ýaly, hödürnama ýadygärlikleriň 31-sini öz içine alyp, şolaryň 7-si Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Şol ýadygärlikleriň biri-de iki müň ýyllyk taryha eýe gadymy Amul galasydyr.