Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, türkmen halkynyň adyny Arşa göteren meşhur şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek baradaky işler rowaç alýar. X — XI asyrlarda ýaşap geçen uly alym hem pir, halk arasynda Sarahs baba ady bilen meşhur Abul-Fazl Muhammet ibn Hasan Sarahsy hem şeýle şahsyýetleriň biridir. Golaýda gadymy Sarahs topragynda bu beýik piriň 1000 ýyllygy mynasybetli «Abul-Fazl Sarahsy — 1000 ýyllygyň binasy» atly ylmy maslahat geçirildi.
Sarahs babanyň ömri, döredijiligi hakynda häzire çenli ynamdar maglumatlar ýetmezçilik edýär. Şeýle-de bolsa, Ferideddin Attaryň «Tezkiretu-l-öwlüýä» («Weliler hakda kitap»), Muhammet Münewweriň «Mäne babanyň keramatlaryndan we halatlaryndan hekaýatlar» atly kitabyndaky maglumatlar Sarahs babanyň şahsyýetiniň käbir taraplaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ferideddin Attar öz kitabynda Sarahs babany şeýle wasp edýär: «Abul-Fazl Hasan amanady saklaýan, dindarlyga amal ediji, ýalňyşmaýan, eziz, nogsansyz, mynasyp; ol watan söýgüsi bilen ýaşapdy we zamananyň ýeke-tägidi, jahanyň mähribanydy, takwalykda, muhabbetde, rehimdarlykda belent derejeli bolupdy, onuň keramatda, parasatlylykda çägi bolmandy. Magryfetde we hakykat ýolunda meşhurdyr». Muhammet Münewweriň ýatlanan kitabynda berilýän maglumatlara görä, Abul-Fazl Hasan — Sarahs baba şeýh Abu Nasr Serrajyň şägirdi bolupdyr. Asly Tusdan bolan bu şeýh halk arasynda «Tawus-al pukara» («Pukaralaryň tawusy») diýlip atlandyrylypdyr. Onuň tarykat we hakykat ylymlary barada birnäçe kitaplary bar eken. Abul-Fazl Sarahsynyň, onuň halypasynyň hem beýleki sopy alymlaryň ýöreden ýollarynyň aýry-aýry taraplary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr.