Pederlerimiz geçmişde umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gymmatlyklary döredipdirler, milli binagärlik däpleri esasynda gurlan desgalardyr ymaratlary miras galdyrypdyrlar. Jeýhun boýlarynda-da şeýle taryhy-medeni ýadygärlikleriň 188-si hasaba alnyp, olar döwlet tarapyndan goralyp saklanylýar. Türkmeniň şan-şöhrata beslenen geçmişine şaýat bolup, biziň günlerimize gelip ýeten desgalaryň biri-de Amul galasydyr.
ürkmenabat şäheriniň günorta künjeginde ýerleşýän galada dürli döwürlerde türkmenistanly we daşary ýurtly alym-arheologlar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilip, gymmatly tapyndylaryň üsti açyldy. Häzirki wagtda hem bu işler giň gerimde dowam etdirilýär. Ynha, bu gün bolsa welaýat merkezinde hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» diýen at bilen geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guraýan bu çäresine dünýäniň birnäçe döwletinden arheologlar, taryhçylar, mirasy öwrenijiler, halkara bilermenler gatnaşýarlar. Maslahat iki günläp dowam eder.