Türkmen halky dünýäde özüniň ýelden ýyndam bedewleri, perdesine bilbil gonduran gazma dutary, gözelligiň, kämilligiň baýdagyna deňelen nepis halysy bilen tanalýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe barýan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda asyrlaryň dowamynda halk seçgisi esasynda türkmen topragynda kemala gelen, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galýar.