HABARLAR

Bagtyýarlyk şuglasy

Dost-doganlygy ösdürýän ýörelge

Berkarar döwletimiziň berk binýady bolan baky Bitaraplygymyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, dünýäde ykrar edilen döwlet syýasaty netijesinde hemişelik Bitaraplyk derejämiz özüniň many-mazmuny hem-de mümkinçilikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna we gyzyklanmasyna mynasyp bolýar. «Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyz dünýäde we sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga, daşary döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamaga aýratyn üns berýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyz bitaraplygymyzyň ýörelgelerine uly üns bermek arkaly, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen ählumumy bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeldýär, milli hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlary orta atýar, olaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur tagallalary edýär. Öz borçnamalaryna hemişe ygrarlydygyny anyk tutumlaryň üsti bilen tassyklaýan eziz Diýarymyzyň halkara abraýy barha artýar. Bu bolsa gün-günden rowaçlanýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan söýgi-buýsanjymyzy artdyrýar

Agzybirlik suprasy

Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzda, şeýle-de halkara gatnaşyklarynda sazlaşykly ösüşi üpjün etmegiň binýatlaýyn esasy bolup çykyş edýär. Bitaraplygyň agzybir ýaşaýyş, asuda, parahat durmuşdygyna, abadançylykly ösüşdigine oňat düşünýän halkymyz hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldaýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi şol başlangyçlaryň dünýä döwletleri tarapyndan hem goldanylýandygyna şaýatlyk edýär. Milletler Bileleşiginiň yglan eden geljek ýylyň şygary halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň döwrüň derwaýys zerurlygyna öwrülýändigini görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz amala aşyrylmaly giň möçberli işler, iri taslamalar barada belläp geçende, biz bu belent maksatlaryň binýadynda duran kuwwatly, egsilmez güýjüň agzybirlikdigini kalbymyz bilen duýýarys. Halkyň jebisligini, ýurduň asudalygyny syýasy başarnyk, çuňňur paýhas bilen gazanmagy başarýan hormatly Prezidentimiziň abraý-mertebesiniň, öňdengörüjilikli syýasatynyň dünýäde barha beýgelýändigine buýsanýarys. Türkmen halky bitaraplyk ýörelgesine agzybir ýaşamagy başarmak, parahatçylygy bin

Bitaraplyk — parahatçylyk binýady

Eziz Watanymyzyň BMG-niň agza döwletleri tarapyndan yglan edilen hem-de durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasaty dünýä ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedir. Bu gün ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgeleri sebit hem-de ählumumy derejede halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny goldamaga gönükdirilen howpsuzlyk taglymyny öňe sürmek arkaly işjeň bitarap syýasatyny durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň baky Bitaraplygy we onuň taryhy kökleri, häzirki döwri hem-de geljegi umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen berk baglanyşyklydyr, çünki hemişelik bitaraplyk derejesiniň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary durup, olarda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilýär we goldanylýar. Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 12-nji dekabr BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Bitaraplyk — baky bagtyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyz maksada okgunly işjeň hem netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimize sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýdyň ýol açýar. Türkmenistanyň gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde hoşniýetli daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde bitiren hyzmatlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Bu gün hemişelik Bitaraplygyň beren miweleri biziň gündelik durmuşymyzda öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplyk derejämizi alamatlandyrýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen tugumyz asuda asmanymyzda belentde parlaýar.

Dünýäde belent mertebe

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilenine 29 ýyl bolýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ileri tutýan we yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasy ugurlary, öňe sürýän wajyp başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma we goldaw bilen garşylanýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen berkidildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly barýan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagy bilen bilelikde, onuň dünýä syýasatyndaky täsirli orny has-da berk

Bitaraplygyň türkmen ýoly äleme nur saçýar

Halkymyzyň arasynda «Garaşsyzlyk — ganatym», «Bitaraplyk — buýsanjym» diýlen ajaýyp jümleler bar. Munuň özi 1991-nji ýylyň güýzünde ýurt Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, 1995-nji ýylyň dekabrynda bolsa hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolup beýgelen türkmen halkynyň öz döwlet berkararlygyna hem-de hemişelik Bitaraplygyna bolan milli buýsanjyndan, ýürek owazyndan dörän ganatly jümlelerdir. Bir söz bilen aýdylanda, erkli-erkana, ýurdy görkana türkmen milletiniň goşa uçar ganaty bar. Onuň birinjisi — GARAŞSYZLYK bolsa, ikinjisi — hemişelik BITARAPLYK. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan taryhy senesi, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halky üçin altyn harplar bilen ýazylan buýsançly sene bolup, taryh gatlarynda mynasyp orun aldy. Şol taryhy gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde onuň 185 sany agzasynyň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda möhüm Kararnama kabul edilipdi. Öz parahatsöýüjiligi, belent adamkärçiligi we ýokary ynsanperwerligi bilen taryhda öçmez yz goýan merdana halkymyzyň bu günki nesilleriniň bagtyýarlygyny, türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de döwlet Baştutanyna ygrarlylygyny we döwlet bitewüligini halkara derejesinde kepillendirýän hemişelik Bitaraply

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» bäsleşigi jemlenildi

Şu gün — 2-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Ol Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy. Bäsleşik işjeň häsiýete bolup, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we şäherlerinden mekdep okuwçylarynyň ençemesi gatnaşdylar. Bäsleşik üç ugur: düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak boýunça guralyp, ol ilki mekdep, etrap-şäher we welaýat derejelerinde geçirildi. Şol tapgyrlarda ýeňiji bolan işler döwlet tapgyryna hödürlenildi we olardan iň gowulary emin agzalary tarapyndan saýlanylyp alyndy. Netijede, her ugur boýunça I, II, III orunlary eýelän okuwçylar kesgitlenildi.

“Bitarap Watanyň körpe nesli biz”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz içeri hem-de daşary syýasatda örän uly üstünlikler gazanýar. Bu üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda giň gerime eýe bolýan hyzmatdaşlyklarynda aýdyň şöhlelenýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan hukuklary we borçlary halkara gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen 2024-nji ýyl özygtyýarly Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin, hakykatdan-da, ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygynyň şanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan toý dabaralarynyň maksatnamasynyň çäklerinde Ýer ýüzüniň ähli künjeginde dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini berkiden taryhy Kararnama 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bütin halkara jemgyýetçiliginiň biragyzdan goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji, ýubileý mejlisinde kabul edildi. Biziň ýurdumyz dünýäniň iň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet diýlip yglan edildi! Munuň özi uly jemgyý

Bitaraplyk – jebisligiň senasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy eýýamynyň eşretli günlerinde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna bu gün 29 ýyl dolýar. Bu döwrüň içinde parahatçylygy söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we türkmen goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýändiginiň hem-de ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bitaraplyk - munuň özi milletiň ähli içerki ruhy durmuşynyň, ýaş döwletiň daşary syýasat ugrunyň tebigy we kanuny ösüşidir, şol ugur bolsa halkara syýasy gatnaşyklarynda öz ornuna düşünmegi türkmen halkynyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklar baradaky taryhy däplerini birleşdirdi. Türkmenler owalda-ahyrda belent adamkärçilik sypatlaryny tug edinip, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ý