«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024
Baky bagtyýar zamanamyzda ata Watanymyzyň ösüşiň belent sepgitlerine ýetmegi ugrunda önjeýli zähmet çekýän halkymyz pederlerimiziň nesillerine miras goýan asylly ýörelgelerine eýerip, ony döwrüň bagt saçýan şuglasyna çaýyp, düýpgöter täzeçillik esasynda asuda asmanymyzyň astynda, iň beýik bagt mukamy bolan çaga gülküsiniň belentden ýaňlanýan döwründe erkana ýaşaýar, halal zähmet çekýär, döredýär. Bitaraplyk döwletimize, halkymyzyň çeken zähmetine berlen Hakyň peşgeşidir. Döwürleriň synagyndan geçen milli ýörelgelerimizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütin dünýäde dabaralandyrmak, dünýä jemgyýetçiligini ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ynanyşmak ýaly milli ruhda terbiýelemek babatynda Türkmenistan görelde mekdebi bolup durýar. Bu ýörelgeler Bitaraplyk ýörelgeleridir. Sebäbi türkmen paýtagty Aşgabat Birleşen Milletler Guramasynyň ylalaşdyryjy merkezidir. Şu nukdaýnazardan hem, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýip aýtmaga doly esas bar.