Dost-doganlyk mekany

27 Noýabr 2024
235

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň ady bu gün parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy, dost-doganlyk mekany hökmünde äleme doldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyz hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyny uly joşgun, ýetilen belent sepgitler, dürli ulgamlarda gazanylan zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk hem-de özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli düzgünnamasyny işläp düzdi» diýip belleýär. Hakykatdan-da, bu gün özüne hoşniýetlilik, özara düşünişmek we dost-doganlyk ýoluny saýlap alan ýurdumyz halklaryň parahat ýaşaýşy ugrunda alnyp barylýan ählumumy tagallalara özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Şunda 2017-nji ýyl ata Watanymyz üçin ýene bir ýatdan çykmajak seneleriň biri hökmünde ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol ýylyň fewralynda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: Parahatçylyk we ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» ady bilen geçirilen maslahatda dekabr aýynyň 12-si «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edildi. Dünýä senenamasynda agzybirligi, parahatçylygy dabaralandyrýan şanly sene peýda boldy. Munuň özi türkmen Bitaraplygynyň at-owazasynyň tutuş dünýä dolup, ýurdumyzyň alyp barýan asylly ýörelgeleriniň halkara derejesinde uly goldawa eýediginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Tirkiş ATDAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.