Berkarar Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dostlukly syýasatynyň esasyny düzýän hemişelik Bitaraplygymyz bize Ýer ýüzünde abadançylygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, beýik işleri durmuşa geçirmekde belent maksatlara ruhlandyrýar.
«Bitaraplyk biziň dünýä halklaryny beýik maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dostlugy dabaralandyrýan ýörelgämizdir» diýip belleýän Milli Liderimiziň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz asudalygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrüldi. Ata Watanymyz häzirki wagtda hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Bitaraplyk bagtyna daýanyp, dünýäniň iň ösen döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.