Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyz maksada okgunly işjeň hem netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimize sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýdyň ýol açýar. Türkmenistanyň gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde hoşniýetli daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde bitiren hyzmatlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi.
Bu gün hemişelik Bitaraplygyň beren miweleri biziň gündelik durmuşymyzda öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplyk derejämizi alamatlandyrýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen tugumyz asuda asmanymyzda belentde parlaýar.