Ýene sanlyja günlerden biz güneşli Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ýigrimi dokuz ýyllygyny toý şatlygyna, uly ruhubelentlige beslenip, halkara derejesinde giňden belläp geçeris. Her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu sene Watanymyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar, çünki şondan biziň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşiniň täze tapgyry başlandy.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» ýörite Kararnama dünýä bileleşiginiň ata Watanymyzyň daşary syýasy ugruna beren ýokary bahasynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de ata-babalarymyzdan gelýän parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgeleriniň dünýä derejesinde ykrar edilendiginiň güwäsidir.