HABARLAR

Zähmet baýramçylygyna öwrüler

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, şu ýylyň 20-nji martynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyryljak ählihalk bag ekmek dabarasyna Ak bugdaý etrabynda hem ykjam taýýarlyk görülýär. Welaýat derejesindäki bag ekmek dabarasy etrabyň Bereketli zaman şäherçesinde geçiriler. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alýan bagtyýar ildeşlerimiz agaç nahallaryny oturtmak we olara ideg etmek ýaly asylly işlere saldamly goşantlaryny goşup gelýärler. Geçen ýyllaryň dowamynda etrabymyzyň çäginde dürli görnüşli agaç nahallarynyň ýüz müňlerçesi oturdylyp, täze ýaşyl zolaklar döredildi. Bu bolsa etrabymyzyň merkezine, şäherçelerimize we obalarymyza özboluşly görk goşdy.

Möhüm meseleler maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde maslahat geçirildi. Partiýanyň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzda gazanylan üstünlikler hem-de geljegi nazarlaýan maksatnamalar, olary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamalar barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Baglar — zeminiň bezegi

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 5-nji martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda» Karara gol çekip, bu ekologiýa çäresiniň 20-nji martda geçiriljekdigini aýtdy. Munuň özi eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky asylly işleriň rowaçlanýandygynyň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi. Ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigata uly sarpa goýan ata-babalarymyz saýaly, pürli we miweli baglaryň oňaýly täsirini, ter önümlerini adamyň gündelik durmuşynyň we saglygynyň zerurlygy hasaplap, onuň goralmagyna we köpeldilmegine aýratyn üns beripdir. Olar ekerançylygyň gadymy mekany bolan ýurdumyzda bagbançylygyň kämil usullaryny döredip, ene topragymyzda başga ýurtlarda ýetişýän baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip, tebigy-howa şertlerimize uýgunlaşdyrypdyrlar, belent başly agaçlary, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän bezeg daragtlary, datly miweleri eçilýän baglary ekip ýetişdirmegi ynsan edebiniň aýrylmaz bölegine deňäpdirler. Tebigat bilen sazlaşykda ýaşan halkymyz melhemligi bilen güýç-kuwwat berýän, gelşikli görki bilen ruhubelentlik, ýakymly ysy bilen rahatlyk paýlaýan, bol hasyly bilen rysgal getirýän, berkligi bilen uzak hyzmat edýän baglary keramat saýyp, d

Beýik işleriň buýsanjy

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu waka milli däplerine ygrarly, tebigaty ýürekden söýýän we ata-baba dowam edip gelýän asylly ýörelgelere eýerýän türkmen halkynyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy. Çünki bagy-bossanlyga öwrülýän Diýarymyzyň gözelligi, daşky gurşawyň we ekologiýa ulgamynyň abadançylygy hem-de ösüp gelýän ýaş nesliň milli terbiýesi bilen bagly bu ajaýyp başlangyç Watanymyzyň müňýyllyklara uzajak geljegi üçin-de örän wajypdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler has-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Giň gerimli özgertmeleriň netijesinde Diýarymyzda ýaşyl zolaklar döredilýär. Munuň şeýledigi diňe geçen 2020-nji ýylyň özünde Garaşsyz Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagynda hem aýdyň şöhlelenýär.

Bag — gözellik dünýäsi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda bu ugurda alnyp barylýan işler ildeşlerimiziň saglygyny goramak hem-de dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek ýaly wajyp wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda örän ähmiýetli bolup durýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, eziz Diýarymyzda her ýyl bag nahallaryny oturtmak boýunça asylly işlere köpçülikleýin badalga berilmeginiň ähmiýeti uludyr. Çünki baglar şäherdir şäherçelerimize, obalarymyza, daş-töweregimize gözellik berýär, howanyň arassalygyny üpjün edýär, bioköpdürlüligiň saklanmagyna hem-de köpelmegine ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerini ýaşyl zolaklar bezäp, olaryň gerimi barha giňeýär. Her ýylyň ýazky we güýzki bag ekmek boýunça möwsümleriniň dowamynda ekilýän pürli, saýaly, miweli baglar agaçlaryň ekilýän meýdanlarynyň geriminiň giňemegine itergi bolýar. Diňe geçen ýylyň güýzünde berkarar Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanyna ak mermerli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde baglaryň 25 million nahaly ekildi.

Sagdyn ýaşaýşyň goragynda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtly ýaşaýşymyz üçin döredilýän ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, gözel tebigatymyzyň, daşky gurşawyň, ekologiýanyň arassalygyny gazanmak biziň her birimiz üçin derwaýys wezipe bolup durýar. «Tebigaty goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi iş ýüzünde doly hereket etmegi tebigatyň ygtybarly goraglylygyndan habar berýär. Olaryň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler ýokary derejede guramaçylykly alnyp barylýar. Bilim işgärleriniň esasy wezipesi hem geljekde ekologiýanyň arassalygyny gazanmaklyga mynasyp goşant goşjak ýaşlary ýetişdirmekden we olarda tebigata bolan söýgini döretmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini daş-töweregimize bezeg bolup duran hoşboý ysly gül-gunçalaryň, baglaryň mysalynda hem görmek bolýar. Ýylyň-ýylyna ösüp oturan baglaryň üstüniň ýetirilip, tokaý meýdanlarynyň çäkleriniň giňeldilmegi bolsa buýsandyryjy hakykatdyr. Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekişlik dabarasyna işjeň

Bag — zeminiň bezegi

Atalarymyzyň ýiti paýhasyndan kemal tapan «Bagy baryň saýasy bar», «Bagy baryň miwesi bar» diýen parasatly jümleler biziň günlerimize gelip ýetdi. Keremli türkmen topragynda eken nahalyň kök urýandygyna, bol hasyl eçilýändigine ak bazarlarymyzy dolduryp, gözüňi dokundyryp duran ir-iýmişleriň dürli görnüşleriniň bolçulygyndan hem magat göz ýetirýärsiň. Bag — zeminiň zynaty. Hut şonuň üçin bu gün ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri döwlet derejesinde giňden dabaralandyrylýar. Milli Liderimiziň׃ «Türkmenistanyň her bir raýaty daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatymyza aýawly garamagy özüniň mukaddes borjy hasaplamalydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Jümle-jahan habarlary

Marsda hlorowodorod ýüze çykaryldy

Bag-bossana bürenýär, bu gün ajaýyp Diýar

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzda tokaý zolaklaryny döredip, howanyň arassa bolmagy hem ajaýyp tebigatymyzyň gözel görke gelmegi üçin çäksiz aladalary edýär. Ýurt Baştutanymyzyň hut özüniň başda durmagynda her ýyl agaç nahallarynyň müňlerçesi oturdylýar. Bu ýyl hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda miweli we miwesiz agaçlaryň 30 million düýbi oturdylar. Ýaşaýyş, durmuş daragta deňelýär. Pederler hem nesiller daragta deňelýär. Çünki daragt öz köküni topraga çuň urýar-da, gol doly şaha ýaýyp, öz miwesini töwerege eçilýär. Daragtda bakylyk, ýaşaýşyň dowam etmegi ýaly ruhy häsiýetler bar. Ynsan hem şeýle. Ata Watanyna örküni baglan ynsan pederleriň durmuş ýörelgesine daýanýar-da, gol doly maşgala bolup, geljeginiň, ýagny nesil dowamatyny ilhalar ynsan edip ýetişdirmegiň aladasynda bolýar. Pederleriň ruhy edähedine daýanýan ynsan nesiller arkaly baglanyşygy berk guraýar. Ata-babalarymyz bu hakynda «Ynsan neberä daýanar, agaç damara» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda-da bag ýaşaýşa, ömre deňelipdir. Irki döwürlerde «Durmuş daragty», «Ýaşaýyş daragty», «Nesil daragty» diýen ýaly keramatlaşdyrylan agaçl

Bag bagdyr bezegi, idegi bilen

Geçen ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp bag nahallaryny oturdanymyz ýaňy ýalydy. Köpçülik bolup oturdylan millionlarça düýp saýaly, pürli agaç nahallary bahar paslynyň gelmegi bilen pyntyk ýaryp, türkmen tebigatynyň gözelligine gözellik goşar. Ynha, bu gün bolsa, milli Liderimiz ýene-de bir ajaýyp başlangyja badalga berdi. Ýurt Baştutanymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan bellenilýän beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp nahal ekmek baradaky döwletli Karara gol çekdi. Bu resminama halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Köpçülikleýin bag ekmek halkymyzyň durmuşynda asylly däpleriň birine öwrüldi. Täze binalaryň düýbi tutulanda we olaryň açylyş dabaralarynda oňa gatnaşanlar tarapyndan bag nahallary oturdylýar. Ýaş çatynjalar durmuş toýuny tutanlarynda ilkinji bag nahalyny oturdýarlar. Munuň özi türkmen tebigatyna gözellik çaýmak, ekologiýa arassaçylygy bilen birlikde ýaşaýşyň dowamat-dowamdygyndan nyşan. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanýan döwletli işleriň her biri şeýle çuň many-mazmunly bolup, belli bir maksada gönükdirilendir. Ol asylly işler durmuşymyza giňden