Geçen, 2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda dynç alyş düzümleriniň desgalarynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi bu ýerde medeni-dynç alyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň barşynda möhüm tapgyra öwrüldi. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyzyň 12-nji fewralda Aşgabat şäherinde «Altyn kölüň» kenarynda 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak hakyndaky Karara gol çekendigi hem tassyklaýar.
Raýatlarymyzyň, esasan-da, ýaş nesilleriň döwrebap ýaşaýşy we dynç alşy üçin degişli şertleri döretmek meseleleri ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, häzirki döwürde dynç alyş düzümi işjeň ösdürilýän ugra öwrüldi. «Altyn kölde» we onuň töwereginde özboluşly tebigy aýratynlyklaryň, arassa hem-de jana ýakymly howa gurşawynyň bardygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Kölüň kenarynda şäher ilatynyň, şol sanda çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmeklerine gönükdirilen döwrebap dynç alyş düzüminiň döredilmegi diňe bir bu sebitiň däl, eýsem, Aşgabat şäherini ösdürmegiň baş meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine-de önjeýli goşant goşar. Çägi ýyl-ýyldan giňeýän we özboluşly milli binagärçiligiň gazananlary bilen gözelleşýän paýtagtymyzyň bu künjegi bary-ýogy 3-4 ýyldan dynç alşyň hem-de saglygyňa oňaýly täsir etmegiň täze mümkinçiligine öwrüler. Ol ýerdäki dynç alyş zolagy sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegine ýardam berer.