Bag-bossana bürenýär, bu gün ajaýyp Diýar

4 Mart 2021
1833

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzda tokaý zolaklaryny döredip, howanyň arassa bolmagy hem ajaýyp tebigatymyzyň gözel görke gelmegi üçin çäksiz aladalary edýär. Ýurt Baştutanymyzyň hut özüniň başda durmagynda her ýyl agaç nahallarynyň müňlerçesi oturdylýar. Bu ýyl hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda miweli we miwesiz agaçlaryň 30 million düýbi oturdylar.

Ýaşaýyş, durmuş daragta deňelýär. Pederler hem nesiller daragta deňelýär. Çünki daragt öz köküni topraga çuň urýar-da, gol doly şaha ýaýyp, öz miwesini töwerege eçilýär. Daragtda bakylyk, ýaşaýşyň dowam etmegi ýaly ruhy häsiýetler bar. Ynsan hem şeýle. Ata Watanyna örküni baglan ynsan pederleriň durmuş ýörelgesine daýanýar-da, gol doly maşgala bolup, geljeginiň, ýagny nesil dowamatyny ilhalar ynsan edip ýetişdirmegiň aladasynda bolýar. Pederleriň ruhy edähedine daýanýan ynsan nesiller arkaly baglanyşygy berk guraýar. Ata-babalarymyz bu hakynda «Ynsan neberä daýanar, agaç damara» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda-da bag ýaşaýşa, ömre deňelipdir. Irki döwürlerde «Durmuş daragty», «Ýaşaýyş daragty», «Nesil daragty» diýen ýaly keramatlaşdyrylan agaçlar bolupdyr. Adamlar olara mukaddeslik hökmünde sežde edipdirler.

Ýazbibi ANNAGURBANOWA,
«Edebiýat we sungat».