Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 5-nji martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda» Karara gol çekip, bu ekologiýa çäresiniň 20-nji martda geçiriljekdigini aýtdy. Munuň özi eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky asylly işleriň rowaçlanýandygynyň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi.
Ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigata uly sarpa goýan ata-babalarymyz saýaly, pürli we miweli baglaryň oňaýly täsirini, ter önümlerini adamyň gündelik durmuşynyň we saglygynyň zerurlygy hasaplap, onuň goralmagyna we köpeldilmegine aýratyn üns beripdir. Olar ekerançylygyň gadymy mekany bolan ýurdumyzda bagbançylygyň kämil usullaryny döredip, ene topragymyzda başga ýurtlarda ýetişýän baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip, tebigy-howa şertlerimize uýgunlaşdyrypdyrlar, belent başly agaçlary, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän bezeg daragtlary, datly miweleri eçilýän baglary ekip ýetişdirmegi ynsan edebiniň aýrylmaz bölegine deňäpdirler. Tebigat bilen sazlaşykda ýaşan halkymyz melhemligi bilen güýç-kuwwat berýän, gelşikli görki bilen ruhubelentlik, ýakymly ysy bilen rahatlyk paýlaýan, bol hasyly bilen rysgal getirýän, berkligi bilen uzak hyzmat edýän baglary keramat saýyp, dünýä inen çagalaryna Çynar, Serwi ýaly atlary dakypdyr.