Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp nahalyny ekmek tabşyryldy. Şu ýylky bag ekiş möwsümlerinde ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň häkimligi 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimlikleri 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün eder. Olar aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilip, damjalaýyn usulda suwarylar.
Mälim bolşy ýaly, eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçen ýylda ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallary ekildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu görkezijiniň 30 milliona ýetirilmegi dünýäde uly seslenme döredýän nusgalyk işlerdir. Geçen ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda geçirilen döwlet derejesindäki ählihalk bag ekmek dabarasynda döwlet Baştutanymyzyň hem-de dabara gatnaşyjylaryň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna giňden taýýarlyk görmegiň başynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan nahallaryň 30 düýbüni oturtmagy bu sogap işiň badalgasy boldy.