Bag ekmek sogap iş hasaplanylýar. Däbe öwrülen bu asylly ýörelge halkymyzyň milliliginde bar. Taryhy geçmişde ata-babalarymyz tebigata gözellik berýän baglar hakynda «Bagym bar, barym bar», «Bag ekeniňki, ýap çekeniňki» ýaly birnäçe pähimleri döredipdirler. Eždatlarymyzdan dowam edip gelýän şeýle asylly ýörelge türkmen halkynyň iň täze taryhy bolan Arkadagly eýýamymyz — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda «ýaşyl» zolaklary döretmek babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmeklige aýratyn uly üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda dürli görnüşli baglary ekmek, ýaşyl baglara beslenen seýilgähleri, giň tokaýlyklary döretmek, arassa ekoulgamy kemala getirmek bilen bagly uly işler amala aşyryldy. Muny Diýarymyzda geçen 2020-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk ýubileýi mynasybetli 25 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagy hem doly tassyklaýar.