HABARLAR

«Dragon Oil» 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul dereje ýakylyşyna geçer

«Dragon Oil» kompaniýasy 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul derejede ýakylyşyna geçmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Ali Raşid Al-Jarwan habar berdi. Ol şeýle hem bu çäräniň uglewodorodlaryň çykarylyşyny ekologiýa taýdan howpsuz etjekdigini nygtady. «Häzirki wagtda biz çykarýan gazymyzyň 70 göterimini ulanýarys, emma üç ýyldan biz 100 göterim derejä çykmagy meýilleşdirýäris. Bu bolsa Türkmenistanda uglewodorod çykaryşymyzy ekologiýa taýdan arassa eder» diýip, Ali Raşid Al-Jarwan 25 — 27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Ata Watanymyz bagy-bossanlyga beslenýär

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. KÖPETDAGYŇ ETEGINDE DÖWREBAP ATHANA

Ekologiýa abadançylygy – tebigatyň gözelliginiň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda asylly ýörelgeler mynasyp dowam edýär, uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň biri hem bag nahallaryny oturtmakdyr, tebigatyň gözelligine goşant goşmakdyr. Ynha, şonuň üçin hem her ýylda ýurdumyzda bag ekmek dabaralary rowaçlandyrylýar, halkymyz bu asylly işe işjeň gatnaşýar. Çünki, tebigaty goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak düşünjesi ata-babalarymyzyň paýhas gazanynda gaýnap, nesilleriň aň eleginde süzülip, ýol-ýörelge hökmünde biziň şu günlerimize çenli ýetip gelen maddy we ruhy baýlygymyzdyr. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygy babatdaky başlangyçlarynyň ilerlemegine aýratyn üns berýär. Bu ulgamda Birleşen Milletler Guramasy bilen ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Türkmenistan ekologiýa boýunça çözgütleriň kabul edilmegi babatda umumy ýörelgeleri berkidýän köptaraplaýyn halkara ylalaşyklarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olardan gelip çykýan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşama

Ekologiýa syýasaty dabaralanýar

Bag ekmek, agaç nahallaryny oturtmak döwletlilikden, bagtyýar geljekden nyşan. Agaç nahallarynyň, köp görnüşli miweli we saýaly baglaryň ekilmegi indi ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzda ajaýyp däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesinde amala aşyrylýan bag ekmek dabaralary halkymyz üçin has-da buýsançly ýagdaý. Asylly däbe görä, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilip, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda bu möhüm ähmiýetli çäräniň güýzki möwsümine badalga berildi. Bu asylly çäräniň baş maksady ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekden, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmakdan hem-de ata Watanymyzda ekologiýa abadançylygyny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin hem kärine we ýaşyna seretmezden, agzybir hem zähmetsöýer halkymyz, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edara-kärhanalarynyň işgärleri, talyp ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek işlerine uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

AJAÝYPLYK BOSSANY

Şu gün ýurdumyzda güýzki ekologiýa çäresi – ählihalk bag ekmek dabarasy giňden ýaýbaňlandyryldy. Köpçülik bolup oturdylan ençeme düýp saýaly, pürli agaç nahallary güýz paslynyň hoştap howasyna ygşyldaşyp, türkmen tebigatynyň gözelligine görk goşdy. Köpçülikleýin bag ekmek halkymyzyň durmuşynda asylly däpleriň biri bolup galdy. Munuň özi tebigatymyza gözellik çaýmak, ekologiýa arassaçylygy bilen birlikde, ýaşaýşyň dowamat-dowamdygyndan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanýan döwletli işler şeýle çuň many-mazmunly bolup, belli bir maksada gönükdirilendir. Ol asylly işler durmuşymyza giňden ornap, ösüşli ýollar bilen bagtly geljege sary uzap barýar. Olaryň arasyndan iň sogaplysy bolsa, bag ekmekdir, nesillere ýadygär goýup, dünýäň kitabynda at galdyrmakdyr.

Dal daragtlar tebigatyň gelşigi

Şu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen günsaýyn gözelleşýän mähriban Diýarymyzda ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine badalga berildi. Biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem bu ählihalk watançylyk hereketine bir adam ýaly bolup, agzybirlikde gatnaşdylar.

Nesil terbiýesinde ekologik medeniýet

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Diýarymyzyň dürli künjeginde her ýylda millionlarça düýp nahalyň oturdylmagy ýurdumyzda ähli ýaşdaky adamlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda anyk işleriň amala aşyrylýandygyndan nyşandyr. Ekologik düşünje we tebigata söýgi adamyň çagalyk döwründe kemala gelýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemek, olaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Çünki häzirki döwürde dünýäde daşky gurşaw bilen baglanyşykly ýüze çykýan çylşyrymly meseleler ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmegi, olara akyl ýetirmegi, ekologik nukdaýnazaryndan sowatly çemeleşmäni gazanmagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir mekdepde däl, eýsem, maşgalada hem ekologik düşünjeliligi kemala getirmek möhümdir.

Elektromobiller — ekoabadançylyk

Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň berilmegi şäheriň öňünde innowasion ösüşleriň iň häzirki zaman tejribesi hökmünde täze mümkinçilikleri açýar. Biz munuň şeýledigini gurlup ulanmaga berilýän binalaryň döwrebap aýratynlyklarynda hem görýäris. Bu babatda şähergurluşygynyň aýrylmaz bölegi bolan sanly ulgam, ekologiýa abadançylygy, «ýaşyl» tehnologiýa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hut şu aýratynlyklar hem bu şäheri «geljegiň şäheri» adyna eýe edýär. Arkadag şäheriniň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde ýerleşýändigi nazara alnyp, bu ýeriň tebigy gözelligini saklamak üçin «ýaşyl» tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegini hem nazarlaýar. Şeýle işler şäheriň arassaçylygy, ekologiýa howpsuz täsirler we geografik ýerleşişi bilen sazlaşykly ýola goýlandyr. Çünki şäher gurluşygynda we durmuşynda iň döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy, sanly ulgamyň mümkinçilikleri, elektrobuslardyr elektromobiller bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalary ösdürmäge mümkinçilik döredýär.

Ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi

Sagdyn we ýeňil dem almak üçin zerur bolan kislorody bölüp çykaryp, howadaky kömürturşy gazy ýaly maddalary sorup almagy hem uly bir nygmat ahyry. Ine, şonuň üçin hem biz agaç nahallaryny oturdýarys. Olaryň goýry saýaly we datly miweli daragtlar bolup ýetişmegi üçin yhlas edýäris. Tebigatymyza we ruhy dünýämize gözellik hem-de öwüşgin çaýmagy üçin, hemişe ýagşy ýatlamalara hemra bolmak üçin daragtlary, nahallary oturdýarys. Bag ekmek halkymyzyň milli dessurydyr. Ata-babalarymyz täze öý gurunjak ýerinde hemişe bag nahallaryny oturdypdyrlar. Bag — berekediň bir çeşmesi hasaplanylýar. Näçe köp bag nahallary ösdürilip ýetişdirilse, şonça-da şol ojagyň, şol ýeriň rysgal-berekedi has köpeler diýilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan.

Ýaşyl dünýä — ýaşaýyş

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow: — Gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, onuň hemişe arassa bolmagy ugrunda giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.