Bitarap Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem-de bütindünýä we sebit forumlarynyň çäklerinde tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça döredijilikli başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak ýaly derwaýys meseleler boýunça başlangyçlaryny doly goldaýar.
Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol resminamada senagat düzüminiň okgunly ösmegi, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň has giňelmegi, şäherleriň hem-de täze ilatly ýerleriň döremegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň işjeň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz adamlaryň saglygyny goramagyň, ýaşaýyş-durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär. Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň ähli ilaty gatnaşýar.