Ekologik abadançylyk — eşretli durmuşyň girewi

7 Oktýabr 2023
1337

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň biri hökmünde görkezildi. BMG-niň belent münberinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitiň ekologik meseleleri bilen bagly oňyn başlangyçlary öňe sürüp, şonuň bilen bir hatarda teklipleri girizdi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň dünýädäki ekologik meseleler babatda hem Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly gatnaşyk edýändigi nygtaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklibi öňe sürýändigini nygtap, bu oňyn başlangyjyň Hazar deňziniň gurşawyny hem-de biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenendigini aýtdy.

Bilşimiz ýaly, jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň özara sazlaşygynyň saklanylmagy adamzadyň durnukly geljeginiň girewidir. Sebäbi senagat pudaklarynda, şol sanda himiýa önümçiliginde esasy harytlyk önüm bilen bir hatarda, galyndylar hasaplanýan dürli maddalar emele gelýär. Olar gaz, ergin we gaty görnüşdäki birleşmeler bolup, howanyň, suwuň hem-de topragyň hapalanmagyna getirýär. Meselem, biosfera ýylda ägirt köp mukdarda uglerodyň, kükürdiň, azodyň oksidleridir beýleki maddalar zyňylýar. Bu ýagdaý howanyň üýtgemegine, dürli tebigy betbagtçylyklaryň döremegine getirýär.

Hojanepes ÝOWJANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.