Tebigaty goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak düşünjesi ata-babalarymyzyň paýhas gazanynda gaýnap, nesilleriň aň eleginde süzülip, ýol-ýörelge hökmünde biziň şu günlerimize çenli ýetip gelen maddy we ruhy baýlygymyzdyr. Bu babatda bir howadan dem alýan, bir derýadan suw içýän, bir sebitde, bir yklymda ýaşaýan dost-doganlyk halklaryň hem halkymyzyň parahat dünýäde, asuda asmanyň astynda abadan durmuşda ýaşamak ýaly pikirlerini, ýol-ýörelgelerini goldaýandyklarynyň şaýady bolmak ildeşlerimiziň buýsançly başlaryny göge ýetirýär.
Munuň şeýledigine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 19-njy sentýabrynda Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy we ol ýerde taryhy çykyş etmegi hem aýdyňlygy bilen subut etdi. Taryha altyn harplar bilen ýazylan bu waka ekologiýa ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, adamzadyň sagdyn gurşawy döretmek hakyndaky arzuwlaryny durmuşa geçirmek babatdaky beýik işlerini hem dabaralandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden eden çykyşynda gün tertibiniň möhüm meseleleri hökmünde howa we ekologiýa meselelerini çözmek barada aýratyn bellenilip geçildi.