AJAÝYPLYK BOSSANY

4 Noýabr 2023
1994

Şu gün ýurdumyzda güýzki ekologiýa çäresi – ählihalk bag ekmek dabarasy giňden ýaýbaňlandyryldy. Köpçülik bolup oturdylan ençeme düýp saýaly, pürli agaç nahallary güýz paslynyň hoştap howasyna ygşyldaşyp, türkmen tebigatynyň gözelligine görk goşdy. Köpçülikleýin bag ekmek halkymyzyň durmuşynda asylly däpleriň biri bolup galdy. Munuň özi tebigatymyza gözellik çaýmak, ekologiýa arassaçylygy bilen birlikde, ýaşaýşyň dowamat-dowamdygyndan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanýan döwletli işler şeýle çuň many-mazmunly bolup, belli bir maksada gönükdirilendir. Ol asylly işler durmuşymyza giňden ornap, ösüşli ýollar bilen bagtly geljege sary uzap barýar. Olaryň arasyndan iň sogaplysy bolsa, bag ekmekdir, nesillere ýadygär goýup, dünýäň kitabynda at galdyrmakdyr.

«Zenan kalby».