Bag ekmek, agaç nahallaryny oturtmak döwletlilikden, bagtyýar geljekden nyşan. Agaç nahallarynyň, köp görnüşli miweli we saýaly baglaryň ekilmegi indi ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzda ajaýyp däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesinde amala aşyrylýan bag ekmek dabaralary halkymyz üçin has-da buýsançly ýagdaý.
Asylly däbe görä, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilip, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda bu möhüm ähmiýetli çäräniň güýzki möwsümine badalga berildi. Bu asylly çäräniň baş maksady ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekden, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmakdan hem-de ata Watanymyzda ekologiýa abadançylygyny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin hem kärine we ýaşyna seretmezden, agzybir hem zähmetsöýer halkymyz, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edara-kärhanalarynyň işgärleri, talyp ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek işlerine uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.