HABARLAR

Dag gözelliginiň waspy (Täsin tebigat)

Tomusky dynç alyş möwsüminiň özboluşly hezilligi bar. Çünki bu möwsümde biz ýurdumyzyň gözel künjeklerine, täsin tebigatymyza gezelenç edýäris. Golaýda kakam bizi Köýtendaga alyp gitdi. Ilki bilen, ýol ugrunda ýerleşýän Gaýnarbaba çeşmesine bardyk. Ol ýerde aýnanyň ýüzi ýaly dury suwda iki ýana ýüzýän ululy-kiçili balyklary synladyk. Soňra belent daglaryň arasy bilen ýolumyzy dowam etdirdik. Köýtendag barada enem kän gürrüň berenem bolsa, heniz baryp görmändim. Daglaryň depesine göz ýetmeýärdi. Baýyrlaryň üstünde oýnap, dagdan akýan dury çeşmäniň suwundan içip, hezil etdik. Arça tokaýlyklary, jeňňellikler, Köýten obasyndaky uly çynarlar, göm-gök suwly köl, dinozawrlaryň aýak yzlary, «Kyrkgyz» gowagy bizde uly täsir galdyrdy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +41 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar.

«Üçýyldyzda tün sowar...»

Atgarlawaç

Guşlar arassa asmanyň hem tebigatymyzyň ýaraşygy. şolaryň biri-de atgarlawaçlardyr. Biri-birine örän çalymdaş bolan garlawaçlar we atgarlawaçlar köp wagtyny howada geçirip, uzak aralyga uçup bilýärler. Garlawaçlaryň dünýäde 90, atgarlawaçlaryň 117 görnüşiniň bardygy alymlar tarapyndan hasaba alnypdyr. «Ýazyň buşlukçysy» hasaplanýan garlawaçlar serçe şekilliler maşgalasyndan bolup, şahalara, simlere, käte ýere-de gonup, dynç alýarlar. Türkmenistanda atgarlawaçlaryň üç görnüşi duşýar. Garamtyl reňkli bu guşlar, esasan, obada, özüne amatly ýerlerde, derýalaryň jülgesindäki köwüklerde ýa-da jaýlaryň üçeginiň aşagynda höwürtgeleýär. Atgarlawaçlaryň uçuş tizligi garlawajyňkydan has ýokary bolup, olar sagatda 160 km töweregi ýol geçýär. Olaryň dünýäde iň kiçi guş hasaplanýan kalibri atly guşa ýakynlygy barada hem maglumat bar. Atgarlawaçlar maýda mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Bu çalasyn guşlaryň säher bilen howada sesli gaýmalaşyp ýörenini köpimiz görýändiris. Olar uzynly gün uçup, garaňky düşmänkä, höwürtgesine dolanyp gelýärler.

Awaza: sapaly dynç alyş, şypaly melhem

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda her bir raýatyň sapaly we sagdyn durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin döredýän şertleri «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasynyň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  ýiti zehini we çuň paýhasy siňen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzda ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak bilen adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrýar.

Tomus halk hasaby

Nakyllar halkyň söz sungatynyň iň bir gadymy görnüşidir. Şolarda orun alan many-mazmun, paýhas aňrybaş derejede milli düşünjelerdir.

Tebigata söýgi — Watana buýsanç

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasaty halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, geljek nesillerimize tebigy baýlyklarymyzy has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigy-ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda: «Ýer, toprak, ýerasty baýlyklar, ýerüsti we ýerasty suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obýektleri, ekologik ulgamlar, atmosfera howasy, klimat we Ýeriň ozon gatlagy ýok edilmekden, ýaramazlaşdyrmakdan, azaltmakdan, zeper ýetirmekden, hapalanmakdan, rejesiz peýdalanmakdan we beýleki ýaramaz täsirlerden goralmaga degişlidir» diýlip bellenilýär. Türkmenistan häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Biziň ýurdumyz halkara ylalaşyklaryň, taslamalaryň çäklerin

Güller açýan Garagum

Garagum sährasynyň özboluşly jana şypa beriji tenekar howasy, tylla reňkli çägesidir ulgam-ulgam bolup duran gum depeleri, onuň ösümlikdir haýwanat dünýäsi her bir türkmen raýatynda, ösüp gelýän ýaş nesillerde öz Watanyna bolan söýgini artdyrýar. Şeýle-de, olaryň kalbynda eziz Watana bolan buýsanç duýgusyny belende galdyrýar. Türkmeniň göz guwanjy, hazynaly Garagum çöli güneşli ýurdumyzyň 80 göterimini eýeleýär. Uç-gyraksyz sähra köp sanly oňurgaly haýwanlaryň, şeýle hem çöle mahsus ösümlikleriň gadymy mekanydyr. Çölüň mör-möjekli dünýäsi has-da baýdyr we täsindir. Merkezi Garagumda kebelekleriň, tomzaklaryň, garynjalaryň we beýleki mör-möjekleriň dürli görnüşlerine köp duşmak bolýar. Garagum çöli dünýäniň çölleriniň içinde ösümlik örtüginiň we haýwanat dünýäsiniň özboluşly tebigaty bilen meşhurdyr. Garagumuň tebigy gözellikleri daşary ýurtly jahankeşdelerde we tebigaty öwrenijilerde uly gyzyklanma döredýär.

Tebigat we biz

Keşt edeliň ülkämize “Giňdir dünýä, geňdir dünýä” diýen jümle bilen ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda dünýädäki geň-taň zatlar barada köp ýazylýar. Ýöne, biziň ýurdumyzyň çäklerinde hem geň-enaýy zatlar az däl. Şolaryň käbiri hakynda okyjylara gürrüň beresim gelýär.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine hem-de howanyň temperaturasynyň gijelerine +19... +24 gradusdan +23...+28 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +34... +39 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolmagyna garaşylýar.