Atgarlawaç

18 Iýul 2024
667

Guşlar arassa asmanyň hem tebigatymyzyň ýaraşygy. şolaryň biri-de atgarlawaçlardyr. Biri-birine örän çalymdaş bolan garlawaçlar we atgarlawaçlar köp wagtyny howada geçirip, uzak aralyga uçup bilýärler. Garlawaçlaryň dünýäde 90, atgarlawaçlaryň 117 görnüşiniň bardygy alymlar tarapyndan hasaba alnypdyr. «Ýazyň buşlukçysy» hasaplanýan garlawaçlar serçe şekilliler maşgalasyndan bolup, şahalara, simlere, käte ýere-de gonup, dynç alýarlar.

Türkmenistanda atgarlawaçlaryň üç görnüşi duşýar. Garamtyl reňkli bu guşlar, esasan, obada, özüne amatly ýerlerde, derýalaryň jülgesindäki köwüklerde ýa-da jaýlaryň üçeginiň aşagynda höwürtgeleýär. Atgarlawaçlaryň uçuş tizligi garlawajyňkydan has ýokary bolup, olar sagatda 160 km töweregi ýol geçýär. Olaryň dünýäde iň kiçi guş hasaplanýan kalibri atly guşa ýakynlygy barada hem maglumat bar. Atgarlawaçlar maýda mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Bu çalasyn guşlaryň säher bilen howada sesli gaýmalaşyp ýörenini köpimiz görýändiris. Olar uzynly gün uçup, garaňky düşmänkä, höwürtgesine dolanyp gelýärler.

Ahmet TAŇRYGULYÝEW,
fotohabarçy.