Dag gözelliginiň waspy (Täsin tebigat)

22 Iýul 2024
644

Tomusky dynç alyş möwsüminiň özboluşly hezilligi bar. Çünki bu möwsümde biz ýurdumyzyň gözel künjeklerine, täsin tebigatymyza gezelenç edýäris. Golaýda kakam bizi Köýtendaga alyp gitdi. Ilki bilen, ýol ugrunda ýerleşýän Gaýnarbaba çeşmesine bardyk. Ol ýerde aýnanyň ýüzi ýaly dury suwda iki ýana ýüzýän ululy-kiçili balyklary synladyk. Soňra belent daglaryň arasy bilen ýolumyzy dowam etdirdik.

Köýtendag barada enem kän gürrüň berenem bolsa, heniz baryp görmändim. Daglaryň depesine göz ýetmeýärdi. Baýyrlaryň üstünde oýnap, dagdan akýan dury çeşmäniň suwundan içip, hezil etdik. Arça tokaýlyklary, jeňňellikler, Köýten obasyndaky uly çynarlar, göm-gök suwly köl, dinozawrlaryň aýak yzlary, «Kyrkgyz» gowagy bizde uly täsir galdyrdy.

Merjen UMAROWA,
Lebap welaýatynyň Kerki şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy.