Güller açýan Garagum

17 Iýul 2024
651

Garagum sährasynyň özboluşly jana şypa beriji tenekar howasy, tylla reňkli çägesidir ulgam-ulgam bolup duran gum depeleri, onuň ösümlikdir haýwanat dünýäsi her bir türkmen raýatynda, ösüp gelýän ýaş nesillerde öz Watanyna bolan söýgini artdyrýar. Şeýle-de, olaryň kalbynda eziz Watana bolan buýsanç duýgusyny belende galdyrýar. Türkmeniň göz guwanjy, hazynaly Garagum çöli güneşli ýurdumyzyň 80 göterimini eýeleýär. Uç-gyraksyz sähra köp sanly oňurgaly haýwanlaryň, şeýle hem çöle mahsus ösümlikleriň gadymy mekanydyr. Çölüň mör-möjekli dünýäsi has-da baýdyr we täsindir. Merkezi Garagumda kebelekleriň, tomzaklaryň, garynjalaryň we beýleki mör-möjekleriň dürli görnüşlerine köp duşmak bolýar.

Garagum çöli dünýäniň çölleriniň içinde ösümlik örtüginiň we haýwanat dünýäsiniň özboluşly tebigaty bilen meşhurdyr. Garagumuň tebigy gözellikleri daşary ýurtly jahankeşdelerde we tebigaty öwrenijilerde uly gyzyklanma döredýär.