TOMSUŇ TÄSIN GÖZELLIGI

4 Iýul 2024
745

Elbetde, türkmen tebigatynda gaýtalanmajak gözellik bar. Ol gözellik bolsa, hemişe göwünlere ylham, şadyýanlyk, ruhubelentlik paýlaýar. Eziz Watanymyzyň asuda säherlerini hiç bir zada çalşar ýaly däl. Olar şeýle bir jana şypaly, jana tenekar. Haçan-da al-asmanda göwünleri ýyladýan nurly Gün doganda älem-jahan ýagtylýar. Säheriň mymyjak şemaly assalyk hem näziklik bilen ýüzüňi ýelpäp geçýär. Guşlaryň şirin owazy sende ýakymly täsir galdyrýar. Säher bile sülmüreşip oýanýan güller dünýä gözellik çaýýar. Al-elwan gülleriň ysy burk urýar. Bütin barlyk ajaýyp keşbe girýär. Aslyýetinde her paslyň dünýämizde öz orny bar welin, arly tomsuň täsinligem başgaça...

Howlymyzyň bagynda ýetişen erikdir almalar şahalarda özüni güjeňläp otyrlar. Şol ir-iýmişlere hyrydar kebelekler, balarylary gara başagaý bolup, agaçlaryň daşynda aýlanýar. Baglaryň düýbünden akyp geçýän suwly ýabyň boýunda oturyp, bu täsinligi lezzet bilen synlaýaryn. Tebigatyň täsinligini diýsene, hatar gurap agaçlara çykyp barýan garynjalar esgerleriň nyzamly ýörişini ýadyňa salýar. Ýap boýundaky gurbagalaryň «warryk-warryk» seslerine düşünmesem hem, olaryň bir zada şatlanýandyklaryny aňlamak kyn däl.

Aýjeren GELDIÝEWA
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.