HABARLAR

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +19... +24 gradus maýyl bolar.

Täsin seýilgähleri döretmek sungaty

Döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawyň has-da gowulandyrylmagynda, ösümlik dünýäsiniň tebigy şertleriniň goralmagynda we rejeli peýdalanylmagynda öňe sürýän başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýaşaýjylary, ähli edara-kärhana işgärleri, mekdep okuwçylary, talyp ýaşlary bu babatda işjeňlik görkezýärler. Ak mermerli paýtagtymyzyň dynç alyş ýerlerinde, ýanýodalarynda, köçeleriň kesişýän ýerlerinde seýilgäh baglaryny döretmekde sungat eserlerine bäsleşip bilýän, çeperçilik taýdan sazlaşykly birnäçe kompozisiýalar ulanylýar. Olar barada gürrüň bermek biziň üçin has ýakymly.

Nebit berýän daragt

Dünýädäki iň täsin ösümlikleriň biri hem Braziliýanyň tropiki tokaýlarynda ösýän kopaifera ösümligi bolsa gerek. Bu ösümligiň baldagyndan akýan şire himiki düzümi boýunça dizel ýangyjyndan tapawutly däldir. Uly ýaşly kopaifera agajy bir gije-gündiziň dowamynda 20 litr «ösümlik ýangyjyny» öndürýär. Kopaiferanyň bir gektaryndan ýylyň dowamynda 12 müň litr ýangyç almak mümkindir. Bu ösümligiň şiresi terpenlerden ybaratdyr. Agaç terpenleri adaty skipidardan emele gelýär. Skipidar agajyň sütüniniň içinde gyzyp, metanola we beýleki ýangyç uglewodorodlaryna öwrülýär.

Tebigat täsinlikleri

Ýer ýüzündäki almazlaryň köp böleginiň ýaşy üç milliard ýyldan geçýär. Indoneziýadaky Krakatau wulkany 1883-nji ýylda adamzada belli bolan iň batly sesi çykarypdyr. Bu ses Mawrikiýada hem eşidilipdir. Bu bolsa, wulkandan 4828 kilometr daşlykdadyr.

Gözel tebigatyň bezegi

Türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsi diýseň baý. Eziz Diýarymyzda gülleriň örän köp görnüşi ösýär. Şeýle owadan gülleriň biri hem çigildemdir. Çigildemleriň örän owadanlygy üçin adamlar hemişe olary eý görüpdirler. Gadym döwürlerde halkymyz bu güli janlanýan tebigatyň nyşany hökmünde kabul edipdirler. Çigildemler liliýalar maşgalasyna degişli bolup, beýleki liliýalar ýaly köp ýyllyk ösümlikdir. Çigildemler bahar paslynda gögerýärler. Mart, aprel aýlarynda gülleýärler. Olar tohumlaryndan köpelip, gülläninden soň güllän ýerinde köpsanly ýasy, tohumlardan doly gozajyk peýda bolýar. Gozajyk ýarylyp, tohumlar dürli tarapa ýaýraýarlar we güýzde gögerýärler. Gozajykdan düşen ýüzlerçe tohumdan gögeren ösümlikleriň diňe birnäçesi saklanyp galýar.

Baharsyň

Ýürek ýarsyp messan basyp gelşine, Bar pasyldan uz diýilen baharsyň. Ýyly ýöräp Günüň tylla erşine, Maňlaýyna nur ýaýylan baharsyň. Säherleriň süýt dek, şapagyň läle, Topragy getirdiň iň juwan hala. Agşamlar bürenip owadan şala, Gündizlerde gül geýinen baharsyň.

Gaplaňgyryň dermanlyk ösümlikleri

Türkmen topragy ekologiýa taýdan arassa ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy bilen tapawutlanýar. Ýer ýüzünde bar bolan janly ýaşaýşyň dowam etmegi üçin ösümlik dünýäsiniň ähmiýeti örän uludyr. Ösümlikler janly-jandarlaryň köpüsi üçin iýmit bolup hyzmat etmekden başga-da, halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin çig malyň baý goruny emele getirýär. Türkmenistanyň biodürlüligi 20 müňe golaý görnüşden ybarat bolup, olaryň 7 müňden gowragy ösümliklerdir. Olaryň ýaýraýşyny, köpelişini ylmy taýdan öwrenmekde döwlet tebigy goraghanalary möhüm ähmiýete eýedir.

Guşlar dünýäsinde

Türkmenistanyň çäginde hemişelik we wagtlaýyn ýaşaýan guşlaryň 430-dan gowrak görnüşi duş gelýär. Guşlar baharda höwürtgeleýärler, köpelýärler. Olaryň bir topary demirgazyk ýurtlara uçup gidýärler we ol ýerlerde jüýjelerini ulaldyp, ýene-de ýurdumyza gyşlamaga gelýärler. Her ýylyň 1-nji aprelinde bellenilýän Guşlaryň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ülkämiziň guşlary» atly sergi açyldy. Sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri, ýumurtgalary, höwürtgeleri, heýkelleri, şeýle-de suratlarydyr haly pannolaryň üsti bilen köpdürlüligi we owadanlygy görkezildi. Guşlara degişli ylmy kitaplardyr žurnallar bilen birlikde, bu ýerde ýurdumyzyň guşlary öwreniji alymlarynyň portretlerini hem görmek bolýar. Sergide-de görkezilen durna, karkara, çal durna, soltantowuk, togdary, toklutaý ýaly durnaşekilliler toparyna degişli guşlaryň ýurdumyzda 13 görnüşi duş gelýär.

Tebigat täsinlikleri hakynda

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Tebigat» bölüminiň ylmy işgäri, geolog we paleontolog Aman Nigarow bilen şol bölümiň müdiri Enejan Altyýewanyň bilelikde taýýarlan «Türkmenistanyň akçagyl döwrüniň jandarlarynyň aýak yzlary» atly täze kitaby okyjylara gowuşdy. Adyndan belli bolşy ýaly, kitapda ýurdumyzyň çäginde akçagyl döwründe ýaşan düýeleriň, goşatoýnaklylaryň, ýyrtyjy haýwanlaryň we guşlaryň tebigy ýadygärliklere siňen aýak yzlary hem-de olaryň tapylan ýerleriniň tebigy şertleri barada ylmy maglumatlar we fotosuratlar esasynda gürrüň berilýär. Awtorlaryň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran ylmy gözlegleriniň netijesi bolan täze kitap okyjylar köpçüligini Türkmenistanyň gadymy döwürleriň ýaňyny özüne siňdiren tebigat täsinlikleri bilen tanyşdyrýar.

Tebigat bilen sazlaşykda

Merjen paýtagtymyz binagärlik keşbi sazlaşyklylygy we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň birnäçe desgalary binagärlik çözgütlere eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän günorta künjeginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu sapar ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Häzir Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde birnäçe binagärlik toplumlary guruldy. Bu ýerdäki binalar ýol-ulag düzümine degişli desgalar, seýilgäh zolaklary bir bitewi sazlaşygy emele getirip, şäheriň bu künjeginiň gözelligine gözellik goşýar.