Merjen paýtagtymyz binagärlik keşbi sazlaşyklylygy we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň birnäçe desgalary binagärlik çözgütlere eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän günorta künjeginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz bu sapar ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Häzir Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde birnäçe binagärlik toplumlary guruldy. Bu ýerdäki binalar ýol-ulag düzümine degişli desgalar, seýilgäh zolaklary bir bitewi sazlaşygy emele getirip, şäheriň bu künjeginiň gözelligine gözellik goşýar.