Ykbal uşlyby ony howurly Garagum bilen şeýle bir baglady, bir-birine şeýle bir imrikdirdi welin, bagry badaşdy gidiberdi. Häzir başga kärde bolsa-da, ol dynç alyş günleri göwni jülgeli-zawly daglary däl-de, gyrkylyk yzly, çägesi akyp ýatan ak alaňlary küýseýär-de, nädip şol tarapa tutduryp gidenini duýman galaýýar.
Garaguma bagry badaşmak bagty nesip edende, Baýrammyrat Orazgylyjow ýaňy «ýigrimi bäşiň dälijesi» diýilýän ýaşa ýetip barýardy. 1972-nji ýylda Türkmen politehniki institutyny tamamlan ýigit Türkmenistanyň öri meýdanlaryny abadanlaşdyrmak we suwlulandyrmak baradaky Döwlet önümçilik birleşigine prorablyga höwes bilen işe gaýdypdy. Ýogsam, oňa ýele ýelken, Güne galkan bolmaz ýaly, salkynjak otagda hezil edip oturmaly işem ýetdirmän durjak däldi. Gatbar-gatbar daşlardan gaýa ýasap, üstüňe howalanyp duran, iki kenary gara baglara bürenip oturan çeşme-çaýy şarlap akýan Könekesir obasynda dogup-dörän ýigit welin, «Garagumda işlemeli» diýen pikirden dänmedi. Sebäbi heniz mekdep partasynda otyrka eşiden rowaýaty obada ady Baýram diýlip tutulýan Baýrammyrady ýüpsüz kökeripdi.