Milli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň şäherlerinde we ilatly ýerleriniň töwereginde millionlarça bag nahallary oturdyldy. Bu bolsa howanyň üýtgemegine, ýaşaýyş we umumy ekologiýa ýagdaýy üçin şertleriň gowulanmagyna amatly täsirini ýetirdi. Bu gün Türkmenistan el bilen döredilen ýaş tokaýlyklary, gök öwüsýän baglyklary, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, hatda iň alys ýerlerde hem onlarça müň gektar meýdana ýaýylyp gidýän hoşboý ysly seýilgähleri we bagy-bossanlyklary bilen myhmanlary haýran edýär. Şeýle hem derýalaryň we kanallaryň boýlary-da, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarlary-da bagy-bossanlyga bürelýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen başlanan gerimi boýunça örän ägirt bolan bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy umumydünýä göreşine ýurdumyzyň saldamly goşandy bolup durýandygyny tassyklamak bolar. Şäherleriň we obalaryň gülleýän baglyklara öwrülmegi, howadaky zyýanly gazlaryň peselmegine getirýär, howanyň kislorod bilen baýlaşmagyna ýardam edýän miweli we bezeg baglarynyň bahasyna ýetip bolmajak häsiýetleri ilatyň saglygyny goramak işinde ägirt uly ähmiýete eýedir. Elbetde, ýaprakly, saýaly we miweli agaçlardan ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna has durnukly tohumlary saýlanyp alynýar. Çünki şol nahallar ýakyn on ýyllyklarda öz geljegini toý görkli ýaşyl begresde – umytlaryň we özgerişleriň bossanlygynda garşylajak ýurdumyzyň bezegi bolmalydyr.
Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde saýaly, pürli we miweli baglar hem-de üzüm nahallarynyň millionlarça düýbi ekiler.