Türkmenistan ― bagy-bossan

29 Mart 2021
1773

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň ýaş raýatlaryny dürli ugurlarda goldamak, olaryň kämilleşmeklerini gazanmak, kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça öňde durýan esasy maksatlaryň we wezipeleriň birnäçesini öz içine alýar. Olaryň biri-de ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamak we olary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglydyr.

Bu ugurda edilmeli işlerden ugur alyp, biz hem guramamyzyň welaýat, şäher we etrap geňeşleri, welaýat Tokaý hojalygy bilen bilelikde ýörite meýilnama taýýarladyk. Ýakynda bu meýilnama laýyklykda ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigatymyzy has-da gözelleşdirmek, şeýle hem ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini artdyrmak we olaryň tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek maksady bilen Darganata etrabynyň Hojalyk geňeşliginiň Baýrak depe obasynda bag ekişlik çäresini geçirdik. «Biziň tebigatymyz ekologiýa taýdan amatly» diýen at bilen geçiren bu çärämize guramamyzyň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň hünärmenleri, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, oba zähmetkeşleri, mekdep okuwçylary we ýaş meýletinçiler gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda oba ýaşululary ýaşlara bu asylly çäräniň ähmiýeti, bag ekmegiň we olara ideg etmegiň ähmiýeti barada täsirli gürrüň berdiler. Biz şeýle çäreleri welaýatymyzyň beýleki etraplarynda hem geçirmegi meýilleşdirýäris.

Dinara KERIMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň baş hünärmeni.