HABARLAR

Ýaprakdan nur – ýüpek önýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy hem uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Şuňa laýyklykda, «Türkmenpagta» döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2024-nji ýylda 2 müň 100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1 müň 10 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna pile öndürmek meýilleşdirildi we ýüpek gurçugyny idedýänler ýokary hilli tohumyň zerur mukdary bilen üpjün edildi. Şu günler ýüpekçiler üçin möhüm möwsüm gyzgalaňly dowam edýär. Welaýatymyzyň gündogar etraplarynyň ýüpekçileri ýüpek gurçuklaryny idetmäge beýleki etraplardan hem 3 – 4 gün ir girişdiler. Şu ýyl olar 1 müň 10 tonna pile öndürmegi meýilleşdirýärler.

Bakja önümleriniň berekedi

Eziz Diýarymyzda daýhanlaryň yhlasly zähmeti netijesinde azyk önümleriniň bolçulygy döredilýär. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň edermen daýhanlary hem 1 müň 533 gektar meýdanda ýazlyk ýeralma, käşir, sogan, kelem we beýleki ekinleri ekdiler. Ýazlyk soganyň ekişi bu ýerde fewral aýynyň soňky ongünlüginiň ortalarynda tamamlandy. Etrapda daýhan hojalyklarynyň we önüm öndürijileriň uly topary gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Şu günler ýazlyk ýeralma ideg edilýär. Ýazlyk ýeralma 480 gektar meýdanda ekilip, şonça meýdandan 6 müň 720 tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirildi. Çärjew etrabynyň ekerançylarynyň sogan ösdürip ýetişdirmekde baý iş tejribesi bar. Olar her ýylda sogan ekilen meýdanlaryň her gektaryndan 250 sentnerden geçirip, hasyl ýygnamagyň hötdesinden gelýärler. Etrapda 230 gektar ýerde ýazlyk sogan ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl bakjaçy daýhanlar Ýylgynagyz, Bataş ýaýlalaryndaky kärende ýerlerinde soganyň ekişini irgözinden tamamladylar. Tejribeli ekerançylar sogan eken meýdanlaryndan 5 müň 750 tonna hasyl aljakdyklaryny ynam bilen aýdýarlar.

Tohumyňyz müňlesin!

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda pagta, galla bilen bir hatarda daýhan birleşiklerinde gök, bakja we miweli bagy ösdürip ýetişdirmek boýunça giň mümkinçilikler döredildi. Akdepe etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky daýhan birleşiginde-de bu işler talaba laýyk amala aşyrylýar. Daýhan birleşigine degişli bolan 1 müň 160 gektar ekin meýdanynyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda gowaça, bugdaý bilen bir hatarda, şol meýdanyň 350 gektar ýerine ýeralma ekmek meýilleşdirildi. Meýilleşdirilen meýdanyň 166 gektar ýerine ýeralmanyň Gazagystan döwletinden satyn alnan «Gala» sorty, galan ýerine «Santo» ýerli sortunyň tohumlary agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ekildi.

Gallaçylar tijenýärler

Balkan welaýatynyň gallaçylary şu oba hojalyk ýylynda yhlasly zähmet çekmek bilen, gallanyň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyrmak üçin tutanýerli işleýärler. Welaýatyň Bereket etrabynyň gallaçy daýhanlary şu ýyl 17 müň 500 gektar meýdana bugdaý ekip, 28 müň tonna guşgursak dänäni döwlet harmanyna tabşyrmagy borçnama edip aldylar. Etrabyň daýhan hojalyklarynyň irgözinden gören taýýarlyk işleri ekin meýdanlaryndaky bugdaýly ýerleriň gök dona bürenmegine getirdi. Şu günler kärendeçiler dänäniň üçünji suwaryş suwuny tutmak bilen, ikinji dökün bilen gurplandyrmak çärelerini utgaşykly alyp barýarlar. Kuwwatly tehnikalar gyzgalaňly işledilip, ekin meýdanlarynda zähmet gaýnap joşýar.

Ilkinji gämikler

Şu günler Boldumsaz etrabynyň «10 ýyl Abadançylyk» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary 1 müň 589 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmegi maksat edinip, oba hojalygyndaky bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar. — Daýhan birleşiginiň ekişe taýýar edilen meýdanlarynda ekiji traktorlaryň we agregatlaryň 6-sy bökdençsiz işledilýär. «Ir eken utar» diýen pähime eýerýän zähmetsöýer pagtaçy kärendeçileriň irki möhletde ekiş geçiren ýerlerinde ilkinji gämikleriň görnüp, hatar gurap başlamagy «ak altyn» ussatlaryny has-da begendirdi – diýip, daýhan birleşigiň baş agronomy Myrat Uzakbaýew guwanç bilen gürrüň berdi.

Gowaçalar gögerip başlady

Şu ýyl 162 müň gektara gowaça ekmegi maksat edinen Mary welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlarynyň yhlasy ýerine düşýär. Göwnejaý gögeren gowaçalar bu ýylky gowaça hasylynyň bereketli boljakdygyna umyt döredýär. Bu Baýramaly etrabynyň Agaýusup adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynyň mysalynda hem äşgär görünýär. Bu ýerde kärendeçileriň onlarçasynyň kärende ýerlerinde ekilen gowaçalar eýýäm hatar tutup başlady. Özünde işine ussat pagtaçylaryň uly toparyny jemleýän daýhan birleşiginde şu ýyl 1 müň 400 gektara gowaça ekilip, ondan bol hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda işiň hiline aýratyn üns berilýär. Ekin meýdanlaryndaky ýaşyl hatarlaryň sany günsaýyn köpelýär.

Ösüş suwy tutulýar

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly ýurdumyzyň daýhanlary üçin rysgally ýyllaryň biri bolar. Çünki bu ýyl ygally geldi. Ýylyň ygally gelmegi güýzlük bugdaý üçin örän ähmiýetli. Tebigy ýagan ygal bugdaý maýsalaryna berlen mineral dökünleriň oňat eremegine, topraga gowy siňmegine mümkinçilik berýär. Şu günler Köneürgenç etrabynyň daýhan birleşiklerine baryp, bugdaýly meýdanlary synlanyňda, gözüň dokunýar. Gün-günden kadaly boý alýan bugdaý maýsalary bol hasylyň kemala geljekdiginden habar berýär. Häzirki wagtda etrabymyzyň kärendeçileri güýzlük bugdaýlara ösüş suwuny tutýarlar. Ekin meýdanlar ene ýaplardan, şeýle hem suw sorujy enjamlaryň kömegi bilen suwarylýar. Etrap boýunça suw sorujy enjamlaryň 20-si güýzlük bugdaýa suw tutmak üçin işledilýär. Her gün etrabymyz boýunça 350 – 400 gektarda güýzlük bugdaýa ösüş suwy tutulýar. Suwuň talabalaýyk tutulyşyna miraplar, topar ýolbaşçylary gözegçilik edýärler. Güýzlük bugdaýa ideg etmekde etrabymyzyň «Akgala», «Watan», «Kyrkgyz», «Maslahat» daýhan birleşikleri has-da tapawutlanýarlar. Güýzlük bugdaýa ideg işleriniň öz wagtynda talabalaýyk geçirilmegi netijesinde maýsalar kadaly boý alýarlar. Munuň özi 17 müň 500 gektar güýzlük bugdaýdan 35 müň 900 tonna galla hasylynyň ösdür

Bol hasyl ugrunda

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň daýhan birleşiginde zähmetsöýer babadaýhanlar bereketli topraga gowaça tohumyny sepip, sogaply işe girişdiler. Edermen pagtaçylar şu ýyl daýhan birleşigi boýunça 1 müň gektar ýerde gowaça ekişini geçirmegi meýilleşdirýärler. Möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişinde toparlaryň 2-si döredilip, olarda sürüm traktorlary we beýleki oba hojalyk tehnikalary sazlaşykly işledilýär. Gyzgalaňly dowam edýän gowaça ekişinde mehanizatorlardan Begli Täçmedow, Bagtyýar Mätýakubow, Akmyrat Mätjanow, Gulgeldi Hojageldiýew göreldeli zähmet çekip, has-da tapawutlanýarlar. Şu ýyl welaýat boýunça gowaça ekişine hut şu daýhan birleşiginden başlanmagy hem ýöne ýerden däl. Çünki Aşyk Aýdyň piriň gadamy düşen bereketli meýdanlar daýhanlaryň yhlasyny myrada öwürýän sahawatly ýerlerdir.

Tohumlyk bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary

Tohumlyk bugdaýyň guşgursak, iri, dokmaňyz, bol hasylyny öndürmekde ony ösdürip ýetişdirmegiň agrotehniki talaplaryny hem-de otag işini ýokary derejede, öz wagtynda ýerine ýetirmek möhümdir. Beýleki oba hojalyk ekinleri ýaly, güýzlük bugdaý hem gowy idegi talap edýär. Özboluşly toprak-howa şertlerimizde ekilen bugdaý däneleri döküne we suwa uly isleg bildirýär. Bugdaý özüniň ösüşiniň irki döwründe — gögerenden çogdamlanmagyň ahyryna çenli, topragyň hiline baglylykda organiki we mineral iýmit maddalaryna uly isleg bildirmese-de, ösüşiniň şu döwründe güýzlük bugdaý azotyň we fosforyň ýetmezçiligine mätäçlik çekýär. Ösümlik toprakdan alan iýmit maddalaryny suwda erän görnüşinde özleşdirýär. Şonuň üçin dökünler bilen iýmitlendirilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak zerurdyr. Ilkinji ösüş suwy gektara ortaça 800 kubmetr kada bilen tutulýar. Suwy az akym bilen siňňitli tutmak gerek, sebäbi artykmaç ýa-da kemter suwarmak hasylyň peselmegine getirýär.

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Wirtual hakykatyň täsiriAlymlaryň pikiriçe, geljekki fermerlerdir daýhanlar ösümlikler baradaky ähli maglumatlary almak üçin AR-äýnegini dakynaýmaly bolar. Bu pikiri Plant Vision startapyny esaslandyryjy Raýan Huks durmuşa geçirmäge çalyşýar. Onuň aýtmagyna görä, bu äýnege ýerleşdirilen emeli aň – intellekt infragyzyl reňkli kameranyň hem-de datçikleriň kömegi bilen daýhana ekinleriň ösüşi, olaryň suwa ýa-da dökünlere mätäçligi barada habar berýär. Bu bolsa daýhanyň indiki etmeli işlerini ýeňilleşdirýär. Häzirki wagtda bu taslama Niderlandiýanyň Wageningen uniwersitetinde synagdan geçirilýär. Äýnekli sygyrlar Wirtual hakykatyň, hakykatdan hem, fermerlere nepi degip başlady. Türkiýeli fermer Izzet Kojak öz fermasyndaky sygyrlaryň gözleri üşemez ýaly hem-de daşarynyň sowugyndan gorkmaz ýaly, olara VR äýneklerini dakdy. Äýnek dakynan sygyrlar daşarda bakylýan öri meýdanlarynda ýaz günleri dowam edýändir öýdüp, dartgynlylygyny gowşatdylar we arkaýyn otladylar. Netijede, sygyrlaryň süýt berijiligi 22 göterim artdy.