ÝARMYŞYŇ DAÝHAN GYZY

19 Aprel 2024
795

 (Oçerk)

Üýtgewsiz gelýän edähet şeýle. Uzynrakdan dolmuş, tegelek ýüzdäki goýun gözleri dogum bilen ýanyp duran, ýaňy kyrk ýaşa ýetiberen zenan mekdepden geldigi, çaý-çöregini gyssanmaç iýer-de, ekin meýdanyna tarap howlugar. Kitaphon bolansoň, ylaýta-da, öz ýaşaýan mekanynyň taryhy, bu topragyň geçmişi bilen içgin gyzyklanansoň, gadymy Ýarmyş obasynyň düýnüni, şu gününi Sadokat ýagşy bilýär. Hol gatnawy sabamaýan Daşoguz — Köneürgenç awtomobil ýolunyň kybla-günbataryndaky ýaýrawy giň oba Köneýarmyş diýilýär. Adyny topraga ýazyp giden uly ussat, Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow geçen asyryň ortalarynda ýoluň gaýra tarapynda küren tutan kiçeňräk obany hem birleşdirip, uly hojalyga ýolbaşçylyk edip ugraýar. Bu obalar daýhançylykda «Toprak bilen gepleşip bilýär» diýdiren jepakeşleriň mesgeni.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
Beýleki habarlar