Döwletiň berkararlygy, jemgyýetiň jebisligi

22 sagat öň
20

Ýurdumyzda milli demokratik ýörelgämiziň dabaralanmagy jemgyýetiň kämil ösüşiniň binýadyny emele getirdi. Eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz baradaky taýsyz tagallalary we irginsiz zähmetleri netijesinde adalatlylyk, ynsanperwerlik, döwletlilik, milli gymmatlyklara sarpa goýmak ýaly ýörelgelerimiz dowamat-dowam bolýar.

Şöhratly taryhymyzda beýik işleri bitiren ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakdaky örän baý tejribesi esasynda, halkyň pikirine sarpa goýmak ýaly asylly däpleriniň şu günlerimize çenli gelip ýetmegi, döwletlilik ýörelgämizden habar berýär. Halkyň bähbidi, parahat durmuşda ýaşamagy ýaly ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr. Halk Maslahatynyň esasy maksady her bir raýatyň hukuklaryna aýratyn hormat goýmak bilen, jemgyýetde halkyň tekliplerini diňläp, ýurdumyza we halkymyza bähbitli boljak işleri bilelikde durmuşa geçirmekden ybaratdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halk Maslahatynyň jemgyýetiň we döwletiň ösüşine aýratyn täsiri bardyr. Çünki beýik akyldaryň özbaşdak, Garaşsyz ýurtda ýaşamak arzuwy bu gün ähli türkmen halkyna miýesser etdi we Pyragynyň eserlerindäki watansöýüjilik, ynsanperwerlik, maşgala gymmatlygyna sarpa goýmak ýaly düşünjeleri öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwrüň ruhuna kybap gelýän, jemgyýetiň talaplaryna we onuň ykdysady, syýasy we medeni ösüşiniň wezipelerine laýyklykda netijeli işleri amala aşyrýar.

Ogulnur ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň partiýa guramaçysy.